Rumyniýa Gara deňzinde howa giňişligine giren iki sany uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigini aýan etdi. Bu waka Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň serhetüsti täsiri hökmünde garalýan ençeme wakanyň iň soňky mysalydyr.
Goranmak ministri Radu Miruta şenbe güni Facebookdan beren beýanatynda Rumyniýanyň F-16 harby uçarlarynyň Sulinadan takmynan 20 kilometr günorta-gündogarda iki sany uçarmansyz howa ulagynyň nyşana alnyp, täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.
Miruta: "Iki sany uçarmansyz howa ulagy Gara deňziň üstünde Rumyniýanyň harby uçarmanlary tarapyndan ýurdumyzyň howa giňişligine bikanun girenden gysga wagt soň urlup düşürildi" diýip malim etdi.
Goranmak ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, Rumyniýanyň howa güýçlerine degişli iki sany F-16 harby uçaryň uçarmanlary uçarmansyz howa ulaglaryny täsirsiz ýagdaýa getirdi.
NATO mundan ozal bolsa şu ýylyň dowamynda Rumyniýanyň howa giňişliginde dört sany uçarmansyz howa ulagyny urup düşüripdi.



















