Hindistanyň metbugatynda çap edilen habarlara görä, polisiýa ýük awtoulagynyň welaýatyň Gwalior şäherindäki Şitala Mata ybadathanasynyň golaýynda ýygnanan märekäni kakandygyny aýtdy.
Polisiýa heläkçilikde 15 adamyň ölendigini we 30-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. Ýük awtoulagynyň ilki ýoldaky dükanlara we ybadat üçin ýygnan adamlara degendigi, soňra bolsa ybadathananyň girelge derwezesine degip, diwaryň bir böleginiň ýykylmagyna sebäp bolandygy habar berildi.
Polisiýa derňew işiniň çäginde iki adamyň tussag edilendigi barada maglumat berdi.
Deslapky derňewler heläkçiligiň sürüjiniň ulagyň gözegçiligini ýitirmegine sebäp bolan tehniki näsazlyk sebäpli bolup biljekdigini görkezýär.
Hindistanyň Premýer-ministriniň edarasy sosial media hasabyndan heläkçilikde ýogalanlaryň maşgalalaryna maliýe kömeginiň beriljekdigini aýan etdi.



















