Türkiýe Kanadada harby bazada bolan partlamada adam pidasynyň çekilmegi sebäpli gynanç bildirdi.
Daşary işler ministrligi Kanadanyň Alberta sebitinde düýn harby bazada bolan partlama barada ýazmaça beýannama berdi.
Beýannamada partlama sebäpli adam pidasynyň çekilmegine uly gynanç bildirildi.
Beýannamada “Partlamada ýogalanlaryň hossarlaryna we kanadanyň halkyna gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Kanadanyň Alberta sebitindäki Wainwrigt harby bazasynda bolan partlamada 4 esger ýogalypdy, birnäçe esger hem agyr ýaralanypdy.


















