Demirgazyk Koreýanyň suwasty gämilerden uçurmak üçin niýetlenen iki görnüşli strategik kruiz raketalaryny synagdan geçirendigi habar berildi.
“Yonhap” habarlar agentliginiň Demirgazyk Koreýanyň Merkezi Habar Agentligine (KCNA) salgylanyp beren maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýanyň düýn Gündogar deňzinde (Ýaponiýa deňzi) ok-däri synagyny geçirendigi habar berilýär.
Demirgazyk Koreýanyň suwasty gämilerden uçurmak üçin niýetlenen iki görnüşli strategik kruiz raketalaryny synagdan geçirendigi habar berildi.
Bu synaglaryň maksady suwasty söweş ulgamlarynyň häzirki hereketlilik mümkinçiliklerini gözden geçirmekdi.
Günorta Koreýanyň hökümeti 12-nji oktýabrda Demirgazyk Koreýanyň Gündogar deňzine tarap köp sanly ballistik raketalary uçurandygyny we deňze düşmezden öň 900 kilometrden gowrak ýol geçendigini habar beripdi.























