Russiýanyň Rýazan welaýatynyň gubernatory Pawel Malkow nebiti gaýtadan işleýän zawodynda uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümden soň ýangynyň bolandygyny habar berdi.
Pawel Malkow beren ýazmaça beýanatynda sebitiň gije we irden güýçli uçarmansyz howa ulagy hüjümlerine sezewar bolandygyny aýtdy.
Malkow hüjümleriň ýetiren zyýany barada: "Nebiti gaýtadan işleýän zawodda ýangyn boldy. Rýazandaky başga bir desganyň ýerinde ýerleşýän ammar we ulaglar hem zyýan çekdi" diýdi.
Malkow ilkinji habarlara görä, hiç hili şikesiň ýokdugyny aýtdy we maddy zyýanyň möçberini kesgitlemek üçin işleriň alnyp barylýandygyny we sebitde adatdan daşary ýagdaýlar boýunça toparlaryň iş alyp barýandygyny mälim etdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 11-nji oktýabrda Russiýanyň we Ukrainanyň biri-biriniň energiýa infrastrukturasyna hüjümleri bes etmek barada ylalaşandygyny yglan edipdi, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow bolsa bu mesele boýunça gatnaşyklaryň dowam edýändigini aýtdy.



















