Ýemendäki Husi pitneçileri Sada welaýatynyň howa giňişliginde Saud Arabystanynyň "Typhoon" görnüşli harby uçaryny ýer-howa raketasy bilen nyşana alandyklaryny we uçaryň urlup düşürilendigini öňe sürdüler.
Husileriň harby metbugat wekili Ýahýa Seri Husiler bilen baglanyşykly Al-Masirah telewideniýesine beýanat berdi.
Seri: "Ýaragly güýçlerimiz Sada welaýatynyň howa giňişliginde ýer-howa raketasy bilen harby uçary nyşana aldy. Uçar gönüden-göni uruldy we heläkçilige uçramak howpyna sezewar galdy" diýdi. Ol şeýle hem nyşana alnan uçaryň Saud Arabystanynyň günbataryndaky Taif bazasyndan uçan Saud Arabystanynyň "Typhoon" kysymly harby uçarydygyny öňe sürdi.
Saud Arabystany bu mesele boýunça heniz hiç hili beýanat bermedi.
Al-Masirah telewideniýesi Yemeniň paýtagty Sananyň howa hüjümleri bilen nyşana alnandygyny habar berdi.
Hüjümleriň netijeleri barada heniz hiç hili maglumat berilmedi.



















