Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýew bilen Kiýew hem-de Harkow sebitlerinde energetika we aragatnaşyk infrastrukturasyna güýçli hüjümleri amala aşyrdy.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda bellenilişine görä rus goşuny gije gury ýerden atylýan ýokary takyklykly ýaraglary we uzak aralyga niýetlenen ýaragly uçarmansyz howa enjamlaryny bilen Ukraina hüjüm etdi. Bu hüjümlerde ukrain goşuny we harby-senagat desgalary tarapyndan ulanylýan energetika we aragatnaşyk infrastrukturasy nyşana alyndy.
Beýanatda Kiýewdäki "ATM Ukrsibbank" maglumat seljeriş merkezine — rus goşuny barada maglumat ýygnamak üçin ulanylýan internet maglumat akymynyň merkezi häsýetlendirilen desga — şeýle hem harby-senagat desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün edýän Darnitsa (TEC-4) we Kiýew (TEC-5) termiki beketleriniň urlandygy habar berildi.
Şeýle-de, Kiýew sebitinde harby logistika desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün edýän Kiýew (TEC-6) ýylylyk elektrik stansiýasynyň, Tripillýa ýylylyk elektrik bekediniň we Kiýew elektrik geciriji beketleriň nyşana alnandygy; mundan başga-da, Harkowda we onuň etraplarynda ýerleşýän Harkow (TEC-5) we Zmiýewskaýa ýylylyk elektrik beketleriniň urlandygy mälim edildi.
Ministrligiň beýleki bir beýannamasynda bolsa, Russiýanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň düýn agşam sagat 20:00-dan şu gün irden sagat 08:00-a çenli (ýerli wagt bilen) dürli sebitlerde — esasanam Moskwa we onuň töwereginde — 902 sany ukrain dronyny hatardan çykarandygy habar berildi.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenski çarşenbe güni guralan we Ukrainada 600 000 adamyň elektrik energiýasyz galmagyna sebäp bolan giň göwrümli rus hüjümleriniň, birnäçe gün mundan ozal "energetika boýunça atyşygy bes etmek" teklibini öňe süren ABŞ-na Moskwa tarapyndan edilen "aç-açan äsgermezçiligi" görkezýändigini aýtdy.
Ukrainanyň Prezidenti "X" platformasy arkaly beren habarnamasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan yglan edilen atyşygy bes etmek hakyndaky ylalaşyga degişli bolan energetika infrastrukturasyna rus ballistik raketalar bilen guralan hüjümleri berk tankytlady.
Zelenskiý: “Bu operasiýa bilkastlaýyn guraldy we möçberi taydan köp zady aňladýardy; Russiýa mundan ozal Birleşen Ştatlara şeýle aç-açanäsgermezlik etmändi” diýip, ýazdy.




















