Howpsuzlyk çeşmelerinden alnan maglumatlara görä, MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Ankara şäherinde Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkiýe-Siriýa gatnaşyklary, özara hyzmatdaşlyk ugurlary, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar we sebitiň durnuklylygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň barşynda "SDG-iň (Siriýanyň Demokratik Güýçleri) dargadylmagyndan soňky utgaşyklyk tapgyry " seljerilidi we DAEŞ (ISIS) ýaly terror guramalaryna garşy göreşde utgaşyklygy dowam etdirmekligiň ähmiýetine üns çekildi.
Şeýle hem duşuşykda Ysraýylyň Siriýanyň günortasynda dowam etdirýän hüjümleri barada durlup geçildi; ABŞ-nyň Siriýa garşy girizen sanksiýalarynyň bes edilmeginiň netijeleri we onuň Siriýanyň harby goranyş ukyplaryna güýçlendirmäge goşjak goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy.






















