SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi
Tramp: “Zelenskiý dogrusyny aýtsak, Ýewropanyň we hilegär Jo Baýdeniň oňa geçmişde beren maliýe kömegine garamazdan bu söweşiň bes edilmegini islemeýär” diýdi.
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiýini, Russiýada dizel ýangyç zawodlaryny nyşana almak bilen dünýä bazalaryna uly zeper ýetirmekde günäkärledi.

Donald Tramp, TruthSojial atly sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda söweşiň bes edilmegi üçin parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge dowam edýändigini nygtady.

Tramp, Russiýanyň gepleşik stolyndan çekilmegine sebäp bolup biljek haýsydyr bir hereketden gaça durýandygyny belledi.

Donald Tramp gepleşiklerde ýesir çalşygy ýaly käbir ugurlarda öňe gidişligiň edilendigini öňe sürdi.

“Zelenskiý söweşiň bes edilmegini islemeýär”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp beýleki tarapdan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskini ABŞ bilen birlikde dünýä bazarlarynda dizel ýangyjyna zeper ýetirmekde günäkärledi.

Hüjümler sebäpli daýhanlaryň we beýleki kärhanalaryň hem zyýan çekendigini aýdan Tramp, muňa garamazdan Russiýanyň arzan bahadan dünýä bazarlaryna millionlarça barrel dizel ugradýandygyny belledi.

Tramp: “Zelenskiý dogrusyny aýtsak, Ýewropanyň we hilegär Jo Baýdeniň oňa geçmişde beren maliýe kömegine garamazdan bu söweşiň  bes edilmegini islemeýär” diýdi.