DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp: Türkiyedäki NATO-nyň sammitine Erdogan üçin gatnaşýaryn
ABŞ-nyň Prezidenti Türkiyäni uly harby mümkinçilikleri we köp mukdarda harby enjamlary bolan güýçli NATO ýurdy hökmünde häsiýetlendirdi.
Tramp: Türkiyedäki NATO-nyň sammitine Erdogan üçin gatnaşýaryn
Tramp: Türkiyedäki NATO-nyň sammitine Erdogan üçin gatnaşýaryn

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ankarada geçiriljek NATO-nyň sammitine Prezident Rejep Taýýip Erdogana hormat goýýandygy üçin gatnaşjakdygyny aýtdy we maslahat başga bir ýurtda geçirilsedi, gitmejekdigini pikir edýändigini aýtdy.

Çarşenbe güni Ak Tamda žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda Tramp Türkiyäni NATO-nyň düzümindäki esasy harby güýçleriň biri hökmünde häsiýetlendirdi we ýurduň mümkinçiliklerine köplenç kem baha berilýändigini belledi. Tramp Türkiyäniň giň möçberli harby enjamlarynyň inwentaryna we Waşington bilen uzak möhletli goranyş gatnaşyklaryna ünsi çekdi.

Tramp: "Eger sammit Türkiyede geçirilmesedi, men gatnaşmazdym diýip pikir edýärin. Men prezident Erdogana hormat goýýandygym üçin sapar guraryn" diýdi.

Tramp mundan başgada Ankaranyň F-35 harby uçarlary we uçar hereketlendirijileri baradaky talaby bilen bagly soraga, "Türkiyäni örän begendirjek" ädim edilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Türkiye 7-8-nji iýulda paýtagt Ankarada geçiriljek NATO liderlerini kabul etmäge taýýarlyk görýär.