Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif penşenbe güni beren beýannamasynda, Ýakyn Gündogarda söweşiň bes edilmegi üçin ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyk hakynda maglumat berdi.
Şahbaz Şerif, ylalaşyga laýyklykda resmi Tähranyň Ormuz bogazyny gyssagly açjakdygyny we ABŞ-nyň hem Eýranyň portlaryna goýan gabawyny bes etjekdigini nygtady.
Şerif X sosial media platformasy beren habarnamasynda “Taryhy Yslamabat ylalaşygy gyssagly güýje girer, ilkinji nobatda Eýran Yslam Respublikasy Ormuz bogazyny açar, ABŞ bolsa deňiz gabawyny bes eder” diýdi.
Şahbaz Şerif Kataryň goldaw bermeginde Pakistanyň anna güni Şweýsariýada öwrülşik nokadyny hatyralamak we tehniki gepleşiklere başlamak üçin ýörite dabara geçirjekdigini nygtady.
Pakistanyň Premýer-ministri Şerif resmi Waşington bilen Tähranyň ylalaşyk teswirnamasyna elektroniki şertlerde gol goýandygyny mälim etdi.
Pakistanyň Premýer-ministri ylalaşyga goldaw beren ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa, Eýranyň dini lideri Mojteba Hüseýin Hamaneýe we Prezident Mesud Pezeşkiýana uly minnetdarlyk bildirdi.
Şerif Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Müsüriň we Kataryň ylalaşyk etabynda uly rol oýnandygyna ünsi çekdi.















