Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Sudanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mohieddin Salem ertir Türkiýä geler.
Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Sudanly kärdeşi bilen geçirjek gepleşiklerinde Türkiýäniň Sudanyň özygtyýarlygyna, durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagyna we bitewiligine goldaw bermäge dowam etjekdigine aýratyn ünsi çekmegine garaşylýar.
Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda, energetika, bilim we medeniýet ýaly birnäçe ugurda edilýän gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagyna agraşylýar.
Türkiýäniň Sudana berýän ynsanperwer kömegi we türk firalarynyň Sudanyň gaýtadan dikeldilmegine goşant goşmagy meselesi hem gün tertibine getirler.
Sudanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mohieddin Salemiň saparynyň çäginde şeýle hem sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.



















