ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýranyň Ormuzgan welaýatynyň Minab şäherinde ýerleşýän başlangyç klas mekdebine guran hüjüminde ýogalan we şahsyýetleri anyklanan 32 çaganyň jynazasy geçirildi.
“Mehr” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, harabalygyň aşagyndan çykarlan 62 jesediň DNA analizleri geçirildi we 32 çaganyň şahsyýeti anyklandy.
Şahsyýeti anyklanan çagalar üçin Minab şäherinde çagalaryň hossarlarynyň, döwlet ýolbaşçylarynyň we halkyň gatnaşmagynda jynaza çäresi geçirildi.
ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan hüjümleriniň ilkinji sagatlarynda Ormuzgan welaýatynyň Minab şäherinde ýerleşýän başlangyç klas mekdebi nyşana alnypdy.
Hüjümde 168-i çaga 180-den gowrak adam ýogalypdy.
Mekdep 40 minut soň ikinji gezek ABŞ-nyň hüjümine sezewar boldy.



















