15-nji iýuldaky agdarylyşyk synanyşygyna 10 ýyl geçdi. Şowsuzlyk bilen netijelenen agdarylyşyk synanyşygyndan soň, Fetullahçy terror guramasy ähli döwlet edaralaryndan arassalanyldy we Türkiye howpsuzlykdan diplomatiýa çenli köp uğurlar boýunça uly özgerişlikler durmuşa geçirdi. Guramalaryň arasyndaky utgaşyklygyň we integrasiýanyň ýerdäki täsiri, öňüni alyş howpsuzlyk düşünjesi, köpugurly diplomatiýa, krizis sebitlerinde işjeň rollar, halkara araçylyk başlangyçlary, sebitleýin durnuklylyk tagallalary we Türkiye Asyry maksatnamasyna laýyklykda şekillendirilen daşary syýasat çemeleşmesi...
“Maksatlary Başa Barmady” atly wideolar ýygyndysynyň bu bölüminde SETA gaznasynyň Daşary syýasat barlaglary boýunça müdüri Professor Dr. Murat Ýeşiltaş bilen 15-nji iýuldan soň Türkiyäniň daşary syýasatyndaky üýtgeşmeleri we Türkiyäniň geljekki garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşarys.

















