Russiýa düýn ýary gije Ukraina degişli 376 drony urup düşürendigini habar berdi.
Ukraina tarapyndan guralan hüjümleriň ýangyç ammarlarynda ýangyna sebäp bolandygy nygtaldy.
Ukraina soňky günlerde Russiýanyň nebit infrastrukturasyny nyşana almaga dowam edýär.
Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň Ukraina tarapyndan guralan dron hüjümleriniň öňüni alandygy bellenildi.
Resmileriň berýän beýannamasyna görä, Russiýanyň günortasynda ýerleşýän nebiti gaýtadan işläp çykarýan desgada dron hüjümleriň sebäpli ýangyn boldy.
Dron hüjümleri sebäpli Azow sebitindäki iki nebit ammarynda hem ýangyn boldy.
Ýangynlarda adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada hiç hili maglumat berilmedi.
Resmileriň Telegram arkaly beren habarnamasyna görä, Krasnodarda nebiti gaýtadan işleýän desga dron hüjümi guraldy.
Günde ortaça 138 müň barrel mümkünçiligine eýe bolan desga ozal hem birnäçe gezek hüjüme sezewar bolupdy.
















