SYÝASAT
1 minut okamak
Erdogan bilen Meloni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Erdogan bilen Meloni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan bilen Meloni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi / AA

Prezident R. T. Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşklik geçirdi.

Erdogan bilen Meloni telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Kommunikasiýalar edarasynyň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasyna görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň Italiýa bilen goranyş senagatynyň başda durmagynda ähli ugurda edilýän hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini nygtady.

Prezident Erdogan geljek hepde paýtagt Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler sammitiniň gurama agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine goşant goşmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Italiýanyň Premýer-ministri Meloniniň hem sammite gatnaşmagyna garaşylýar.

NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammiti iýul aýynyň 7-8-i aralygynda paýtagt Ankarada geçirler.

Sammite Gurama agza 32 ýurduň lideri bilen birlikde jemi 52 lideriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Özara gatnaşyklar ösýär

Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky söwda mukdary 2024-nji ýylda 32,2 milliard dollara çenli baryp ýetdi.

Iki ýurt 2025-nji ýylyň aprel aýynda Rimde geçirlen maslahatda özara söwda mukdaryny 40 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändigini mälim etdi.