Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan, ýekşenbe güni BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Fidan bilen Guterreş, BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa guran we Kipr adasyna gurajak saparlary bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Ysraýylyň Siriýadaky düzgünbozmalary hakyndaky giňişleýin habarnamasyny üstümizdäki aýyň dowamynda Howpsuzlyk geňeşine hödürlejekdigini aýtdy.
BMG, penşenbe güni Baş sekretar Guterreşiň parahatçylyk etabyna goldaw bermek maksady bilen Kipre gitjekdigini habar berdi.
BMG-nyň Baş sekretary Dužarriç metbugata beren beýannamasynda “Baş sekretar Kipr meselesiniň çözülmegine goldaw berýändigini görkezmek üçin iýul aýynyň 27-29-y aralygynda Kiprde saparda bolar” diýdi.
Guterreşiň saparynyň çäginde DKTR-nyň Prezidenti Tufan Erhürman we Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Kristodoulides bilen duşuşmagyna garaşylýar.



















