DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ-nyň goşuny Eýrandaky harby nyşanalara täze hüjümler gurady
Ahwaz şäheri raketalaryň nyşanasyna öwrüldi we Ormuz bogazynyň golaýyndaky ýerlerde partlamalaryň sesleri eşidildi.
ABŞ-nyň goşuny Eýrandaky harby nyşanalara täze hüjümler gurady
ABŞ-nyň goşuny Eýrandaky harby nyşanalara täze hüjümler gurady

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Eýrandaky harby nyşanalara täze hüjümleriň amala aşyrylandygyny aýan etdi.

CENTCOM X sosial media platformasyndaky hasabyndan guralan hüjümler barada beýanat berdi.

Beýanatda ABŞ-nyň harby güýçleriniň Gündogar wagty bilen agşam sagat 18:45-de Eýrandaky harby nyşanalara täze hüjümleriň başlandygy bellenilip, munuň "Eýrany jogapkärçilige çekmek we Eýranyň Ynkylap Goragçylarynyň söwda gämi gatnawlaryna döredýän howplaryny azaltmak maksady bilen yzygiderli 13-nji hüjümleriň" bolandygy aýdylýar.

Eýranyň metbugaty ABŞ-nyň Yragyň serhedine golaý Ahwaz şäherini raketalar bilen nyşana alandygyny we Ormuz bogazynyň golaýyndaky ýerlerde partlamalaryň eşidilendigini habar berdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi ABŞ-nyň Yrak bilen serhediň golaýyndaky Huzistan welaýatynyň Ahwaz şäheriniň töweregindäki birnäçe ýeri raketa bilen nyşana alandygyny habar berdi.

Habarda Ahwaz şäheriniň ýedi aýry ýerinde partlama sesleriniň eşidilendigi, şeýle hem Huzistan welaýatynyň Andimeşk şäheriniň golaýynda partlama sesleriniň eşidilendigi aýdylýar.

Habarda şeýle hem Ormuz bogazyndaky Keşm adasynyň günorta kenarynda partlama sesleriniň eşidilendigi aýdylýar.

Beýleki tarapdan ýarym resmi Pars habarlar agentligi Ormuz bogazynyň golaýyndaky Hormozgan welaýatynyň Bender Abbas şäheriniň töwereginde partlamalaryň eşidilendigini habar berdi.

Eýranyň metbugaty Hormozgan welaýatynyň häkimiýetlerine salgylanyp, ABŞ-nyň Bender Abbas portuna guran hüjümlerinde iki adamyň ýaralanandygyny habar berdi.