DÜNÝÄ
1 minut okamak
Gresiýa Gazadaky genoside garamazdan Ysraýyl bilen 3,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşar
Gresiýa Gazadaky genosid söweşi sebäpli Ysraýylyň halkara derejesinde berk tankyt edilýändigine garamazdan Tel-Awiwden howa goranyş ulgamlaryny satyn almak üçin taýarlyk görýär.
Gresiýa Gazadaky genoside garamazdan Ysraýyl bilen 3,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşar
Gresiýa Gazadaky genoside garamazdan Ysraýyl bilen 3,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşar / AP

Gresiýanyň we Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Gresiýa Ysraýylyň sebitdäki hüjümleri sebäpli halkara derejesinde berk tankyt edilýändigine garamazdan Ysraýyldan 3 howa goranyş ulgamyny satyn almak üçin 3,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşmak üçin taýarlyk görýär.

“Žerusalim Post” gazeti 3 ýyldan bäri dowam edýän gepleşiklerden soň grek wekiliýetiniň Tel-Awiwde Ysraýylyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşjakdygyny habar berdi.

Ysraýyl 2023-nji ýylda hem Germaniýa gymmaty 3,5 milliard dollara barabar bolan Arrow 3 howa goranyş ulgamyny satypdy.