TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan Beýik hüjümiň 104-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
26-njy awgustda başlan Beýik hüjüm 30-njy awgustda ýeňiş bilen tamamlandy we Anadolynyň türk watany hökmünde ykrar edilmegini üpjün etdi.
Prezident Erdogan Beýik hüjümiň 104-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Prezident Erdogan Beýik hüjümiň 104-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Beýik hüjümiň 104-nji ýylynda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazi Mustafa Kemal başda bolmak bilen garaşsyzlyk ugrunda janlaryny gurban eden şehitleri we weteranlary hormat we minnetdarlyk bilen hatyralap geçdi.

Prezident Erdogan NSosýal hasabyndan beren beýanatynda: “Anadolynyň mukaddes we eldegrilmesiz topraklaryna uzalan hapa elleri kökünden aýyrmak üçin başlan Beýik hüjümiň 104-nji ýylynda Gazi Mustafa Kemal başda bolmak bilen garaşsyzlyk ugrunda wepat bolan şehitlerimizi we wetaranlarymyzy hormat we minnetdarlyk bilen hatyralap geçýärin” diýdi.

26-njy awgustda başlan we "taryhyň ugruny üýtgeden gün" hökmünde ýatlanylýan Beýik hüjüm 30-njy awgustda ýeňiş bilen tamamlandy we Anadolynyň türk watany hökmünde ykrar edilmegini üpjün etdi.