Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Russiýanyň Ukraina krizisini çözmek boýunça parahatçylyk gepleşiklerine açykdygyny belläp: "Russiýa öz maksatlaryna (Ukraina babatda) parahatçylykly ýollar bilen ýetmegi makul bilýär" diýdi.
Metbugat wekili Peskow paýtagt Moskwada žurnalistlere gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.
Ukrainanyň Prezident edarasynyň başlygy Kirilo Budanowyň "Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleri sentýabr aýynda duşuşyp bilerler" diýen beýanatyna teswir berip, Peskow bu mesele boýunça hiç hili maglumatynyň ýokdugyny aýtdy.
Peskow: "Amerikalylar bilen (Ukraina meselesi boýunça) iş derejesindäki gatnaşyklar dowam etdirilýär. Elbetde, biz parahatçylyk gepleşiklerine açyk" diýip belledi.
Russiýanyň geljekde NATO ýurduna çäkli hüjüm etjekdigi baradaky öňe sürmeler barada Peskow: "Munuň hakykata ýa-da Russiýanyň niyeti bilen bagly hiç hili baglanyşygy ýok. Russiýa öz maksadyna (Ukraina babatda) parahatçylykly ýollar bilen ýetmegi makul bilýär. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe bu mümkin däldigi sebäpli, ýörite harby operasiýa (Ukrainada) dowam edýär. Russiýa muny öz howpsuzlygyny üpjün etmek we öz bähbitlerini goramak üçin edýär. Şeýle-de bolsa, Russiýa Ýewropa ýurtlarynyň agressiw syýasaty bilen ýüzbe-ýüz bolýar" diýdi.
Peskow Ýewropanyň doňdurylan rus aktiwlerini Ukraina üçin ulanmagynyň bikanundygyny nygtady we muňa garşy çäreleri görjekdiklerini aýtdy.























