GAZADAKY URUŞ
1 minut okamak
Ysraýylyň Gazada weýran eden 20 öýüň harabalyklaryndan 233 palestinalynyň jesedi çykaryldy
Gaza zolagynda raýat goranyş toparlary Ysraýyl goşunynyň genosid hüjümleride ýaşaýjylarynyň üstüne ýumrulan 20 öýüň harabalyklaryndan ýene-de 233 palestinalynyň jesedini çykardylar.
Ysraýylyň Gazada weýran eden 20 öýüň harabalyklaryndan 233 palestinalynyň jesedi çykaryldy
Ysraýylyň Gazada weýran eden 20 öýüň harabalyklaryndan 233 palestinalynyň jesedi çykaryldy

Gazadaky Raýat goranyş gullugynyň harabalyklaryň aşagyndan jesetleri çykarmak boýunça jogapkär başlygy polkownik Muhammed Ebu Dan beren ýazmaça beýanatynda Ysraýylyň hüjümlerinde weýran bolan öýleriň harabalyklarynda gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýändiklerini aýtdy.

Ebu Dan Ysraýyl tarapyndan weýran edilen 20 öýüň harabalyklarynyň aşagyndan 407 palestinalynyň dereksiz ýitendigini we şol 407 adamyň 233-siniň jesedini tapmagy başarandyklaryny belledi.

Ölenleriň sany 73438 adama ýetdi

Ebu Dan Ysraýyl tarapyndan bombalanan jaýlaryň harabalyklaryndan çykarylanlaryň 73-siniň çaga, 106-synyň bolsa zenan bolandygy baradaky maglumaty paýlaşdy we raýat goranyş toparlarynyň örän çäkli serişdeler bilen 381 sagatlyk işden soň bu raýatlaryň jesetlerini çykaryp bilendigini habar berdi.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza zolagyna guraýan hüjümlerinde ölenleriň sany 73438 adama ýetdi, ýaralananlaryň sany bolsa 174447 adama ýetdi.