Russiýanyň Amur sebitindäki Amur gaz himiýa toplumynyň gurluşyk meýdançasynda bolan ýangyn sebäpli 7 adam ýogaldy, 9 adam bolsa dereksiz ýitdi.
Kompleksiň metbugat bölüminden berlen beýanatda düýn desgada bolan ýangyn barada maglumat berildi.
Beýanatda gözleg we halas ediş işleriniň dowamynda ýene-de 4 hytaý raýatynyň jesediniň tapylandygy we ýangynda ölenleriň umumy sanynyň 7 adama ýetendigi, olaryň birinin Russiýanyň raýaty, 6-synyň bolsa Hytaý raýatydygy habar berildi.
Potratçy kompaniýada işleýän 9 hytaý raýatynyň ykbaly henizem belli däl we gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Wakadan soň 152 adamyň lukmançylyk kömegini sorandygy, dürli derejeli şikes alan 36 adamyň hassahana ýerleşdirilendigi habar berildi.
Beýanatda gurluşyk meýdançasyndaky ýangynyň söndürilendigi we sebitdäki ýaşaýyş jaýlarynyň howasyndaky zyýanly maddalaryň derejesiniň ýokary galmandygy aýan edildi.
Russiýanyň “Sibur” we Hytaýyň “Sinopec” kompaniýalary tarapyndan gurlýan “Amur” gaz-himiýa toplumynyň dünýäde iň uly polimer we gaz-himiýa önümçilik desgalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.






















