Prezident Rejep Taýyp Erdogan, Trendyol 2026 CEV Ýewropa çempionatynyň finalynda Italiýany 3-2 hasabynda ýeňip, çempion bolan Milli zenanlar woleýbol toparyny gutlady.
Prezident Erdogan NSosyal sosial media hasabyndan: “CEV Trendyol 2026 Ýewropa çempiony bolmak bilen milletimizi buýsandyran uly üstünlik gazanan Milli Zenan Woleýbol ýygyndy toparymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip belledi.



















