Alžiriň parlamenti, energiýa bähbitlerini goramak we iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen Nigere esgeriň ugradylmagy baradaky karary tassyklady.
Parlamentiň ikinji ganady Millet Geňeşinden berlen beýannamada, Daşary işler ministri Ahmed Attafyň Prezident Tebbunyň adyndan çykyş edendigi we maksatlaryny gürrüň berendigi nygtaldy.
Beýannamada, kararyň ýurduň energiýa bähbitleriniň goralmagyny we iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalaryň durmuşa geçirilmegini maksat edinýändigi bellenildi.
Karar taslamasy Millet Geňeşinde geçirlen sese goýulşykda 116 ses bilen kabul edildi, 148 halk deputaty bolsa garşy ses berdi.
Mesele barada parlamentiň birinji ganady Milli Halk Mejlisinden berlen beýannamada hem kararyň sese goýulşyga gatnaşanlaryň esasy bölegi tarapyndan tassyklanandygy aýan edildi.
Niger nebit taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Alžirden harby kömek sorapdy.



















