DÜNÝÄ
1 minut okamak
Braziliýada geçirlen saýlawda Lula da Silwa üstünlik gazandy
Braziliýada geçirlen saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä Lula da Silwa üstünlik gazandy, Bolsonaro saýlawyň netijelerini kabul etmeýändigini mälim etdi.
Braziliýada geçirlen saýlawda Lula da Silwa üstünlik gazandy
Braziliýada geçirlen saýlawda Lula da Silwa üstünlik gazandy

Braziliýada geçirlen prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä 81 ýaşyndaky Lula da Silwa üstünlik gazandy.

Lula da Silwa saýlawdan soň eden ýeňiş çykyşynda “Braziliýa hiç kimiň oýnatgysy däldir” diýdi.

Saýlawdan soň Sao Paulo şäherindäki myhmanhanada saýlawçylaryna ýüzlenip çykyş eden Lula da Silwa, soňky gezek prezidentlige dalaşgär bolandygyny nygtady.

Saýlawçylaryna minnetdarlyk bildiren Silwa, “Braziliýa demokratiýasyny halas etdi, saýlawda demokratiýa, adalat we milletçilik ýeňiş gazandy. Braziliýa hiç kimiň oýnatgysy däldir” diýdi.

Syýasy durmuşyndaky öwrülşik nokady barada durup geçen Lula da Silwa, “Bu ýurtda ýokary bilimi bolmadyk we 4 gezek demokratik ýagdaýda saýlanan ýeke-täk prezident bolandygym üçin buýsanýaryn” diýdi.

Lula da Silwa bilim taslamalaryna uly ähmiýet berjekdigine aýratyn ünsi çekdi.

Bolsonaro saýlawyň netijelerini kabul etmejekdigini mälim edipdi.

Prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Lula da Silwadan ýeňilen sagçy dalaşgär Bolsonaro, saýlawyň netijelerini kabul etmeýändigini we saýlawyň netijeleriniň ýatyrylmagy üçin kazyýete ýüz tutjakdygyny mälim edipdi.

Prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 99,89 göterimi sanaldy we sesleriň 51,79 göterimini alan Lula da Silwa ýeňişini yglan etdi.

Ozalky Prezident Žair Bolsonaronyň ogly Flawio Bolsonaro sesleriň 48,21 göterimini aldy.