Fransiýanyň Adalat ministri Gerald Darmanin, hepdäniň ahyrynda sary ýeňsizleriň protest ýörişini geçiren ýeri bolan ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Lille şäherine iş saparyny gurady.
Darmanin iş saparynyň çäginde beren beýannamasynda, sary ýeňsizleriň protest ýörişlerine we talaňçylyklaryna degişli gaýtawulyň görkezilendigini belledi.
Ministr Darmanin, protest ýörişleriniň çägindäki talaňçylyk wakalaryna gatnaşan 149 şübheliniň tussag edilendigini nygtady.
Beýleki tarapdan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, hepdäniň ahyrynda paýtagtda durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna garşy geçirlen protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy.
Parižiň Içeri işler müdürliginden berlen beýannama göra, paýtagtda Respublika meýdanyyň golaýynda 17-nji oktýabrda 59 ýaşly 1 adam ýogaldy.
Wakalaryň çäginde 48 ýaşyndaky başga bir adamyň jansyz bedeni bolsa 19-njy oktýabrda ir ertir Parižiň Berger köçesinde tapyldy.
Sary ýeňsizler talyplaryň goldaw bermeginde durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna we ýangyjyň nyrhynyň ýokarlamagyna garşy 17-nji oktýabrda ýurduň çar tarapynda protest ýörişini geçiripdi.
Ýörişlerde azyndan 2 müň 500 adam saklandy, müňe golaý polis bilen ýangyn söndüriji ýaralandy.
Ýörişler sebäpli 3 müň iş ýerine zeper ýetirildi ýada talandy.



























