Russiýanyň wise-premýer-ministri Aleksandr Nowak rus nebit kompaniýalarynyň ABŞ-na dizel ýangyjyny ibermäge taýýardygyny aýtdy we ilkinji eksportyň şertnamalara gol çekilenden 2-3 hepde soň amala aşyrylyp biljekdigini habar berdi.
Aleksandr Nowak bu barada Moskwada, Russiýanyň Energetika hepdeligi çäresinde žurnalistlere beýannama berdi.
Russiýadan ABŞ-a dizel ýangyjynyň eksporty barada Nowak: "Ýük daşalmagy amala aşyrmak üçin şertnama baglaşylmaly, ýangyç ýüklenmeli, gämi kärendesine alynmaly we ol sarp edijä eltilmeli. Bularyň hemmesi 2-3 hepde wagt alýar. Şonuň üçin ylalaşyklara has çalt gol çekilmeli" diýip belledi.
Aleksandr Nowak: "Kärhanalarymyz islendik pursatda ýük daşamaga başlamaga taýýar. Häzirki wagtda täjirçilik şertleri boýunça gepleşikler dowam edýär" diýip nygtady.
Nowak beýleki ýurtlaryň hem rus dizel ýangyjyna gyzyklanma bildirýändigini belledi we ABŞ-na satyljak dizel ýangyjynyň bahasynyň bazar şertlerine görä kesgitlenjekdigimi ýa-da arzanladyş bilen kesgitlenjekdigi baradaky soraga, ol: "Bu söwda gepleşikleriniň meselesi" diýip jogap berdi.



















