2024-nji ýylda Afrika materiginde 350 000 zenanyň süýt mäzi we ýatgy boýny ragy sebäpli aradan çykdy.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus bu barada "X" sosial platformasy arkaly beýanat berdi.
Gebreýesus: "2024-nji ýylda tutuş Afrika boýunça 350 000 aýal süýt mäzi we ýatgy boýny ragy sebäpli aradan çykdy" diýdi we her bir görkezijiniň aňyrsynda bir zenanyň, bir maşgalanyň we bir jemgyýetiň durýandygyny nygtady.
Gebreýesus Afrikada eneleriň diagnoz üçin köplenç uzak garaşmaly bolýandygyny, gyzlaryň öňüni alyş saglygy goraýyş üpjünçiligine elýeterliligiň ýokdugyny we maşgalalaryň bejeriş çykdajylaryny tölemekde kynçylyk çekýändigini aýratyn belledi.
Hökümetlere, syýasatçylara we degişli taraplara ayal-gyzlar howp salyan rak keseli boýunça işleri çaltlandyrmaga çagyran Gebreýesus, olardan bu meseläni saglygy goraýyş syýasatlarynyň ikinji derejeli ugurlaryndan çykaryp, Afrikanyň saglygy goraýyş, ösüş we maliýe gün tertibiniň merkezine ýerleşdirmegi talap etdi.



















