DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina Russiýa garşy söweşiň iň uzak aralykly hüjümini gurady
Ukrainanyň ýaragly güýçleri, Russiýanyň Ýamalo-Nenets Awtonomiýasynda ýerleşýän iki desgany 3 müň kilometr alysdan nyşana alandyklaryny habar berdi.
Ukraina Russiýa garşy söweşiň iň uzak aralykly hüjümini gurady
Ukraina Russiýa garşy söweşiň iň uzak aralykly hüjümini gurady

Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda Ýamalo-Nenets Awoanomiýasynda ýerleşýän Nowy Urengoý we Purowski tebigy-gaz desgalaryna hüjüm gurandygy habar berildi.

Dronlaryň 3 müň kilometr alysdaky desgalary nyşana alandygyna üns çekildi.

Şeýlelikde Ukrainanyň harby goşunynyň söweşiň başlan gününden bäri Russiýa garşy iň uzak aralykly hüjümini gurandygy ýatladyldy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem uzak aralykly hüjümi guran ukrain güýçlerine minnetdarlyk bildirdi.

Zelenskiý “Şuňa meňzeş hüjümler Russiýanyň diplomatiýa degişli kararlaryny yza süýşürmek mümkinçiligini azaldýar” diýdi