SYÝASAT
1 minut okamak
Russiýada parlament saýlawlary geçirilýär
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin raýatlaryna saýlawda ses bermekleri üçin çagyryş etdi.
Russiýada parlament saýlawlary geçirilýär
Russiýada parlament saýlawlary geçirilýär

Rus saýlawçylar parlamentiň täze agzalaryny kesgitlemek üçin ses bermäge başlady

Üç gün dowam etjek saýlaw ýekşenbe güni Türkiýe wagty bilen sagat 21.00-a, halkara wagt boýunça sagat 18.00-a çenli dowam eder.

Saýlawda rus parlamentiniň aşakky ganady bolan Dumanyň 450 agzasy kesgitlener.

Saýlawyň netijeleriniň ýekşenbe agşamy belli bolmagyna garaşylýar.

Russiýada 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlan hüjümlerden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär.

Saýlawlar Russiýanyň tarapyndan anneksirlenen ýurduň gündogarynda ýerleşýän Ukraina degişli ýerlerde hem geçirilýär.

Rus saýlawçylar we analitikler, häzirki wagtda Dumada esasy köplüge eýe bolan Preizdent Putiniň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Russiýa partiýasynyň saýlawda üstünlik gazanmagyna we häkimiýetini dowam etdirmegine garaşýar.

Çarşenbe güni teleýaýlymda halkyna ýüzlenip çykyş eden Prezident Putin, raýatlaryna saýlawda ses bermekleri üçin çagyryş etdi we “Berjek sesiňiz Ukrainadaky çaknyşykda millionlarça esgerimize goldaw berýändigiňizi we jebislikde hereket edýändigimizi ýene-de bir gezek görkezer” diýdi.

Beýleki tarapdan saýlawlara gatnaşmagy bökdelen sürgündäki oppozisionerler  “söweşe garşy durýan ruslary” şol gün we şol bir sagatda 20-nji sentýabrda günorta wagty Wladimir Putiniň partiýasyna garşy ses bermekleri üçin çagyryş etdi.