Kongo Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda 62 sebitde ebola wirusyna gabat gelinendigini mälim etdi.
Ýurtda häzire çenli 7 müň 404 adamda ebola gabat gelindi.
Wirus sebäpli 3 müň 577 adam ýogaldy, 1776 adam bejergi edildi.
Ebola Afrikada müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy
Ebola wirusyna ilkinji gezek 1976-njy ýylda Sudanyň Nzara we Kongo Demokratik Respublikasynyň Ýambuku şäherlerinde şol bir wagtda gabat gelindi.
KDR-da wirusyň Ebola derýasynyň kenarynda ýerleşýän obada başlandygy üçin wirusa şol derýanyň ady dakylýar.
Ebola wirusyna 2013-nji ýylyň dekabr aýynda Günbatar Afrikada hem gabat gelinýär.
Gwineýa, Liberiýada we Siera-Leonada 2014-2017-nji ýyllaryň aralynda ebola sebäpli 30 müň adam bellige alyndy, 11 adam hem wirus sebäpli ýogaldy.




















