Ukrainanyň gepleşik geçirmek islemeýändigini nygtan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, “Resmi Kiýew parahatçylyk isleýändigini nygtaýar we gepleşikleriň gaýtadan başlamagyny teklip edýär, emma jenaýat etmek bilen parahatçylygyň ýola goýulmagyny we gepleşikleriň geçirilmegini bökdemäge dowam edýär” diýdi.
Ýewropaly käbir ýurtlaryň liderleriniň Russiýa bilen söweşe taýarlanýandyklary baradaky beýannamasyna ünsi çeken Putin “Maňa görä olar ykdysady we sosial syýasatlaryndaky ýalňyşlarynyň üstüni basyp ýatyrmak üçin halkyň ünsüni başga tarapa gönükdirýär, emma üstünlik gazanyp bilmeýärler. Şol liderler saýlawlarda Russiýa bilen söweş islemeýändiklerini nygtaýan raýatlaryny diňlemegiň ýerine dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolýar. Munyň üçin bolsa Ukrainadaky ýagdaýdan we ukrainalylardan hyýanatçylykly peýdalanýarlar” diýdi.
“Ýewropa ýurtlarynyň liderleri Ukrainadaky söweş sebäpli çykdajylaryny mamla görkezmek üçin dürli usullara ýüz tutýarlar” diýen Putin “Olaryň öňe sürýän esasy tezislerinden biri Russiýa tarapyndan abanýan howp. Russiýa Ýewropa ýurtlaryna hüjüm guramak niýeti ýok. Munyň üçin hiç hili sebäp hem ýok. Biz Ýewropadaky goňşularymyz bilen gatnaşyklarymyzy ýola goýmaga taýar”diýip belledi.
Prezident Wladimir Putin, Ukrainanyň hökümetiniň Russiýada geçirilýän saýlawlary bökdemäge çalyşýandygyna ünsi çekdi.






















