Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
SYÝASAT
2 minut okamak
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldyYsraýyl ozal jenaýat bilen hiç hili arabaglanlygynyň ýokdygyny mälim edipdi.
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri ilkinji gezek Gazada 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendiklerini boýun aldy we waka bilen arabaglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.

Ysraýyl çarşenbe güni 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Ražabyň we 2025-nji ýylyň mart aýynda ynsanperwer kömek guramasynyň 15 işgäriniň Gazada esgerler tarapyndan öldürilmegi wakasy bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgaljakdygyny yglan etdi.

Ysraýyl ozal ýokarda ady agzalýan wakalar bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny mälim edipdi.

Ražab Gazada maşgalasyndan 7 adam bilen birlikde ulagda barýarka Ysraýylyň guran hüjümine sezewar bolupdy.

İlkinji hüjümden halas bolan Ražab telefon arkaly Gyzylhaç guramasynyň Palestindäki bölüminden kömek sorady.

Ražaby halas etmek üçin ýola çykan tiz kömek ulagyna hem od açyldy.

Ražabyň jesedi 12 gün soň hatardan çykarlan ulagda tapyldy.

Ražabyň telefon arkaly beren kömek çagyryşynyň ýazgylary halkara jemgyýetçiliniň gahar gazabyna sebäp boldy we onuň we Gazada öldürlen müňlerçe çaganyň hasabynyň soralmagy baradaky talaplar güýçlendi.

Bu waka esasynda surata düşürlen “Hind Ražabyň sesi” atly film, 2026-njy ýylda Oskar üçin dalaşgärlige hödürlendi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan mesele hakynda berlen beýannamada “Wakada goýberlen kemçilikler sebäpli derňew işiniň gozgalmagy boýunça karar kabul edildi” diýildi.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada alyp barýan genosid söweşinde 73 müňden gowrak palestinli öldürildi. Çagalaryň we zenanlaryň başda durmagynda 174 müňden gowrak adam hem ýaralandy.

Töwellaçylar 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda hüjümleriň bes edilmegi maksady bilen gazanylan ylalaşygyň şertleriniň durmuşa geçirilmegi üçin tagalla etmäge dowam edýär.

Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan guraýan hüjümleri sebäpli 1266 palestinli ýogaldy, 4200 adam hem ýaralandy.