ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Fox” teleýaýlymyndan Treý Ýingst bilen söhbetdeşlikde Eýran talaplaryny kabul etmedik halatynda, ony “partlatmagyň” zerur bolup-bolmajakdygynyň diňe wagt meselesi boljakdygyny aýtdy.
Donald Tramp wariantlaryň arasynda Eýrany doly ýok etmek, ony ykdysady taýdan çökgünlige salmak ýa-da ylalaşyk baglaşmak ýaly mümkinçilikleri öz içine alýandygyny aýtdy.
Bu beýanatlar Tähran režiminiň "eger ABŞ ýa-da Ýakyn Gündogardaky islendik ýurt ýalňyşlyk goýberse, olara agyr zarbalar uruljakdygy" barada duýduryş bermeginden soň berildi.
Beýleki tarapdan bolsa ABŞ-nyň Döwlet departamenti sebitdäki amerikanlylar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi.
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň metbugat wekili Hüseýin Muhibbi ABŞ-nyň öz ýurduna guramagy ähtimal täze hüjümleri bilen bagly: "Eger täze hüjüm bolsa, goranyşymyz we hüjümlerimiz düýpli üýtgär. Eger täze hüjüm bolsa, biz ýaraglary we urşuň geografiýasyny üýtgederis" diýip nygtady.
Hüseýin Muhibbi telewideniýe programmasyna gatnaşyp, soňky wakalar barada beýanat berdi.
ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy täze hüjüm guramagynyň mümkinçiliginiň üstünde durup geçen Muhibbi: "Eger täze hüjüm bolsa, goranyşymyz we hüjümlerimiz düýpli üýtgär. Eger täze hüjüm bolsa, biz ýaraglary we urşuň geografiýasyny üýtgederis. Biz täze mümkinçilikler bilen enjamlaşdyrylan täze ýaraglary ýerleşdireris we dünýä haýran galar. Nyşanalarymyz könelerimiz köne nyşanalar bolmaz. Biz heniz hüjüm edilmedik täze nyşanalary kesgitledik" diýip belledi.





















