SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýe Husileriň Mekge şäheriniň golaýyna guran hüjümini ýazgardy
“Sebitara durnuklulyga we howpsuzlyga wehim salýan hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş edýäris.
Türkiýe Husileriň Mekge şäheriniň golaýyna guran hüjümini ýazgardy
Türkiýe Husileriň Mekge şäheriniň golaýyna guran hüjümini ýazgardy

Daşary işler ministrligi Husileriň Mekge şäherini nyşana alan dron hüjümini ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Husileriň mukaddes Mekge şäherini nyşana alýan dron hüjümini berk ýazgarýarys” diýildi.

Beýannamada, Türkiýäniň Saud Arabystanynyň özygtyýarlygyna, bitewiligine we howpsuzlygyna goldaw berýändigi ýene-de bir gezek nygtaldy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Sebitara durnuklylyga we howpsuzlyga wehim salýan şuňa meňzeş hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş edýäris” diýildi.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň metbugat sekretary Turki al Maliki, düýn ýerli wagt bilen 18.50-de Saud Arabystanynyň howa goranyş ulgamlarynyň Husiler tarapyndan Mekge şäheriniň golaýyna atylan drony hatardan çykarandygyny mälim edipdi.

Husileriň metbugat sekretary Ýahýa Seri bolsa Mekgäniň nyşana alynandygy hakyndaky habarlaryň asylsyzdygyny öňe sürdi.