Rus howa goranyş ulgamlarynyň penşenbe gijesi Moskwa tarap uçan 37 drony hatardan çykrandygy habar berildi.
Şäher häkimi Sergeý Sobýanin mesele hakynda beren habarnamasynda, Goranmak ministrligine degişli howa goranyş ulgamlarynyň dronlary hatardan çykarandygyny aýtdy.
Sobýanin “Dronlar yzly yzyna 10 we 17-lik toparlar görnüşinde urlup düşürildi” diýdi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Ýolbaşçylar hüjümiň netijeleri barada giňişleýin maglumat bermedi.
Ukraina tarapyndan hem dronlar barada heniz hiç hili resmi beýannama berilmedi.
5 ýyldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde uzak menzilli dron we raketa hüjümleri soňky döwürde artýar.



















