DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
Hüjümleriň ýokary takyklykly ýaraglar we uçarmansyz howa ulaglary bilen dowam etdirilýändigi habar berildi.
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň harby logistika merkezlerine we gämilerine hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Ministrligiň beýanatynda rus goşunynyň Ukrainadaky harby nyşanalara ýokary takyklykly ýaraglar we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm etmegini dowam etdirýändigi aýdylýar.

Beýanatda Kiýew sebitinde harby maksatlar üçin ulanylýan üç logistika merkezine hüjüm guralandygy, şeýle hem Çornomorsk portunda we Gara deňizde harby ýük daşaýan iki gäminiň nyşana alnandygy bellenildi.

Ministrligiň beýanatynda Odessa portundaky harby ammarlara zarba urlandygy hem aýan edildi.