SYÝASAT
2 minut okamak
Irlandiýa Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy sebäpli Euroviziýa boýkotyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
Irlandiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdesi Ysraýylyň Gazada halkara žurnalistlerine elýeterliligiň yzgiderli ret edilmegi bilen baglanyşykly "çuňňur alada bildirýär.
Irlandiýa Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy sebäpli Euroviziýa boýkotyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
2026-njy ýylyň 16-njy maýynda Wenada Ýewrowideniýe aýdym bäsleşiginiň finalynyň öňüsyrasynda adamlar Ysraýyla garşy nägilelik bildirýär.

 Irlandiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdesi RTE tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, bäsleşige gatnaşmak baradaky garaýşyň geljek ýyl üçin hem üýtgemändigi bellenildi.

Beýanatda: "RTE, Gazada dowam edýän we elhenç sepgide ýeten adam ýitgileri hem-de köpsanly parahat ilatyň ömrüni töwekgelçilige sezewar etmegine sebäp bolan ynsanperwer krizis göz öňünde tutulanda, Irlandiýanyň bäsleşige gatnaşmagynyň esaslandyrylyp bilinmejekdigini pikir edýär," diýilýär.

RTE beýanatda şeýle hem halkara žurnalistleriň Gaza barmagynyň heniz hem bökdelýändigine uly alada bildirýändigini nygtady.

Ysraýylyň Ýewrowideniýe  gatnaşyjylarynyň arasynda bolmagy sebäpli geçen ýyl aralarynda Irlandiýa bilen bilelikde birnäçe döwlet bäsleşige gatnaşmazlyk hakynda karar kabul edipdi.

2023-nji ýyldan bäri Gazada genosid edýän Ysraýyl, hem 2025-nji hem-de 2026-njy ýyllarda bäsleşikde üstün çykmaga örän ýakynlaşdy, emma iki gezek hem ikinji boldy.

Niderlandlanlardaky ýaýlym guramasy, çaknyşykdaky ýurtlaryň bäsleşikden çetleşdirilmeginiň "ýeterlik" däldigini belläp, Gaza boýunça garşylyklary göz öňünde tutanyňda Ýewrowideniýä "indi bitarap hökmünde garalyp bilinmejekdigini" beýan etdi.

Ýewrowideniýe adym bäsleşigi, 1955-nji ýylda ilkinji gezek geçirilenden bäri yklymdaky iň ýokary derejeli estrada platformasyna öwrüldi. Bäsleşik, şwesiýaly meşhur ABBA toparyny bütin dünýä meşhur etdi we Selin Dion, Kliff Riçard hamda Oliwiýa Nýuton-Jon ýaly aýdynçykaryň tanalmagyna goşant goşdy.

Ysraýylyň bäsleşige gatnaşmagy sebäpli bäş ýurduň 2026-njy ýylda gurama boýkot yglan etmeginden soň, bäsleşik geçen ýyl bilen deňeşdirilende 35 million azalyp, 131 million tomaşaçy tarapyndan görüldi.

 Niderlandlar, Islandiýa, Ispaniýa, İrlandiýa we Sloweniýa 2026-njy ýyldaky bäsleşikden yza çekildi. Ispaniýa, İrlandiýa we Sloweniýa gepleşigi ýaýlyma hem bermedi.

Geljek ýylky çäre 15-nji maýda Bolgariýanyň Gara deňiziň kenaryndaky Burgas şäherinde geçiriler.

 

Öwren
Fidan: “Türkiýe bilen Azerbaýjan ýerleşýän sebitinde iki durnuklylyk adasy”
ABŞ-da Eýrana guralýan hüjümleriň bes edilmegini maksat edinýän taslama tassyklandy
ABŞ bilen Siriýa özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara howpsuzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy
Somalide Türkiýä minnetdarlyk ýörişi geçirildi
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Daşary işler ministri Fidany kabul etdi
Erdogan: “Halkymyzy howplardan goradyk”
Türki döwletleriň arasynda “TÜRKPOL” döredilýär
Tramp: “Respublikaçylar araky saýlawlarda ses bermese dowzaha giderler”
Tramp 11-nji sentýabr hüjümleriniň 25-nji ýylynda Pentagonda hatyralama çäresini geçirer
Türkiýe Siriýa gynanç bildirdi
Britaniýanyň Premýer-ministri: “Gazada başdan geçirilýän wakalara dymmak bilen syn edip bilmeris”
Ysraýylda çap edilýän gazet karzly amerikalylar üçin Eýrany basyp almagy teklip etdi
Erdogan: Türkiýe Eýran-ABŞ dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu: “Biziň esasy wezipämiz Eýranyň hökümetini agdarmak”
Putin: Russiýa bilen Ukraina ylalaşyk gazanyp biler
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy