Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
SYÝASAT
2 minut okamak
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başladyŞHG-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän sammit Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde öz işine başlady.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary Bişkekde bir ýere jemlenişdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Yrys Ordo Kongres merkezinde geçirilýän sammitde gurama agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlaryny dabaraly ýagdaýda garşylady.

Açylyş dabarasynda 1-nji sentýabr Özbegistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlan Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi bu şanly günde Bişkege gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Sammitiň guramanyň döredilen gününiň 25 ýyllygyna gabat gelýändigini nygtan Japarow,  guramanyň Gyrgyz Respublikasynyň döwürleýin ýolbaşçylygynda “Parahatçylyk, Galkynyş we Jebislik” şygary bilen uly işleri durmuşa geçirendigini belledi.

ŞHG-nyň serhetleriň howpsuzlygy meselesinde halkara derejesinde täsirli gurama öwrülendigini aýdan Japarow, gurama agza ýurtlaryň dünýäniň ilatynyň 40 göterimine we adam başyna düşýän milli girdejiniň ¼ bölegine wekilçilik edýändigini nygtady.

Gyrgyz Respublikasynyň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe 200-e golaý çäräniň geçirlendigini ýatladan Japarow, howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk, aragatnaşyk, medeni gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi, digital galkynyş we emeli aň ýaly ugurlara uly ähmiýet berlendigine ünsi çekdi.

ŞHG-nyň Prezidentler geňeşiniň sammitine Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Hindistanyn Premýer-ministri Narendra Modi, Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Şi Sizinpin, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahman we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gataşdy.

Prezident R. T. Erdogan hem ŞHG-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň liderler sammitine gatnaşar.

Türkiýe 2012-nji ýylda gurama “dialog hyzmatdaşy” hökmünde goşuldy.