Içeri işler ministri Mustafa Çiftçi, sosial media arkaly beren habarnamasynda, Kül Tegin ýazuw ýadigärligine 1300 ýyl ozal ýazylan “Gije ýatmadyk, gündüz oturmadyk”garaýşyny şu günkü günde hem dowam etdirýändiklerini aýtdy.
Çiftçi “Halkymyzyň durnuklulygy üçin jogapkärçilikli hereket edýäris” diýdi.
Gazagystanda geçirlen Türki döwletleriň guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 3-nji maslahaty hakynda maglumat beren Çiftçi, Türki döwletleriň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.
Jenaýatçylyga garşy göreş geňeşiniň döredilmegini teklip edendiklerini aýdan ministr Çiftçi, geňeşiň jenaýatçy guramalara, terror, neşe söwdasy, bikanun göç ýaly birnäçe jenaýata garşy göreşde bilelikdäki ukuby güýçlendirjekdigini nygtady.
Içeri işler ministri Mustafa Çiftçi “Öňümizdäki aý paýtagt Ankarada Jenap Prezidentimiz R.T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň liderler sammitinde geňeşiň döredilmegi baradaky şertnama gol çekişilmegini maksat edinýäris” diýdi.
Interpol we Europol ýaly guramanyň döredilmegini maksat edinýändiklerini aýdan Çiftçi, guramanyň Türki döwletleriň arasynda “TÜRKPOL” ady bilen döredilmegini teklip edendigini ýatlatdy.
Ministr Çiftçi teklibe maslahata gatnaşan Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistanyň Içeri işler ministriniň oňyn garaýandygyny sözleriniň üstüne goşdy.


















