Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Iordaniýanyň Karak şäherindäki buthanada guralan ýaragly hüjüm barada ýazmaça beýanat berdi.
Beýanatda buthanada guralan ýaragly hüjüm berk ýazgarylyp: "Hüjümde ýogalan adamlaryň maşgala agzalaryna we Iordaniýanyň halkyna gynanç bildirýäris we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýäris. Ýurduň jebisligine we parahatçylygyna gönükdirilen bu rehimsiz hüjümiň öňünde Iordaniýa bilen raýdaşlygymyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys" diýip bellendi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Iordaniýanyň Karak şäherindäki bir buthanada guralan ýaragly hüjümde ýedi adam ýogaldy, 27 adam ýaralandy.
Iordaniýanyň Premýer-ministri Jafar Hassan hüjümde ýogalan adamlaryň hatyrasyna üç günlük milli ýas yglan etdi.





















