Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda Russiýanyň harby güýçleriniň gijäniň dowamynda Ukrainanyň port infrastrukturasyna we Ukrainanyň Ýaragly Güýçleri tarapyndan ulanylýan gämilere garşy uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümlerini dowam etdirendigi malim edildi.
Beýanatda Çernomorsk deňiz menzilindäki uçarmansyz howa ulaglaryny öndürýän zawoda hüjüm guralandygy we Ukrainanyň goşuny üçin Odessa portuna ýük daşaýan ýük gämisiniň hem ýolda zarba alandygy habar berildi.
Ministrlik tarapyndan berlen başga bir beýanatda bolsa Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň gijäniň dowamynda Moskwa we onuň töweregindäki sebitlerde ukrain uçarmansyz howa ulaglarynyň 616-syny ýok edendigi barada maglumat paýlaşdy.



























