Saud Arabystanynyň Raýat awiasiýasy boýunça baş müdürligi (GACA) Dammam şäherindäki "Şa Fahd" halkara howa menziline guralan hüjüm netijesinde 2 adamyň ölendigini, 8 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
GACA-dan berlen beýannamada 21-nji oktýabr çarşenbe güni agşam howa menziliniň nyşana alnandygy we biri Hindistanyň raýaty, jemi 2 adamyň heläk bolandygy mälim edildi.
Ýaralanan 8 adam zerur lukmançylyk bejergisi üçin hassahana ýerleşdirildi.
Beýannamada şeýle hem hüjümde maddy ýetgi çekilendigi, ýitginiň möçberini anyklaýyş işleriniň dowam edýändigi we waka hakynda goşmaça maglumatlaryň soňra beriljekdigi aýdylýar.
Hüjümiň nähili guralandygy ýa-da odan kimleriň jogapkärdigi barada maglumat berilmedi.
Arap koalisiýasy: Saud Arabystanynyň gündogarynda 4 sany uçarmansyz uçar apparaty ýok edildi
Ýemendäki kanuny hökümeti goldaýan Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Arap koalisiýasy Saud Arabystanynyň gündogar sebitinde 4 sany uçarmansyz howa enjamynyňurlup düşürilendigini habar berdi.
Ýemen 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda husi gozgalaňçylarynyň paýtagt Sanany we beýleki birnäçe welaýaty öz gözegçiligine almagyndan soň başlanan raýat urşuny başdan geçirýär.
2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Arap koalisiýasy Ýemeniň halkara derejesinde ykrar edilen hökümetine goldaw berip gelýär.



























