Ysraýylda “Žerusalem Post” gazedinde çap edilen makalada, ýaş amerikalylaryň Eýrana garşy guralýan hüjümlere gatnaşmagy kabul eden halatynda karzlarynyň geçilmegini teklip etdi.
Makalada ABŞ-nyň Eýrany diňe howa hüjümleri bilen ýeňip bilmejekdigi, eýsem ýurdy basyp almak we gözegçiligi ýola goýumak üçin 1,5 milliona golaý esgeriň harby gulluga çagyrylmalydygy nygtaldy.
Gazetde çap edilen makalada Kanadanyň Ýagly güýçlerinden hormatly dynç alyşa çykan ofiser Až Žaffyň teklibine ýer berildi.
Až Žaffyň makalada bergili ýaş amerikalylaryň Eýrana garşy söweşde ýarag hökmünde ulanylmagyny teklip edendigi nygtalýar.
Žaff ABŞ-nyň birnäçe aýdan bäri Eýrana garşy guraýan hüjümlerinden netije alyp bilmändigini we gury ýer hüjümleri üçin has köp esgeriň harby gullugyň hataryna çagyrylmalydygyny belleýär.
Eýranyň 31 serkerdeligine garşy gury ýer hüjümleriniň guralmagy üçin 750 müň bilen 1,5 milliona golaý esger gerek. ABŞ-nyň harby goşunynyň hatarynda bolsa häzir 452 müň esger iş alyp barýar.
Žaff ABŞ-nyň taryhynyň adaty uruş döwründäki hökmany harby gulluk ulgamynyň ýerine karzlaryň geçilmegi maksatnamasynyň üsti bilen has köp esgeri harby gullugyň hataryna çagyryp biljekdigini öňe sürýär.
Makalada “18-34 ýaş toparyndaky amerikaly ýaşlaryň ortaça talyp karzlary, kredit kartoçkalaryndaky bergiler, awtoulag karzlary we şahsy karzlary ýaly 40 müň dollardan gowrak karzy bar. Käbir çaklamalara görä şol mukdar 100 müň dollara çenli baryp ýetrýär. Ynha Pentagon üçin şol nesil gerek” diýilýär.
ABŞ-nyň raýatlarynyň 77 göteriminiň haýsydyr bir görnüşde karzy bar. Ortaça 250-260 müň adam bergili. ABŞ-da uly adamyň ortaça karzy bolsa 63 müň 500 dollara golaý.





















