Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldi
SYÝASAT
1 minut okamak
Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldiPrezident Rejep Taýýip Erdoganyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) 81-nji Baş Assambleýasynyň mejlisinde eden çykyşy sanly mediada giň seslenme döretdi.
Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdoan geçen ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çykyşlarynda bolşy ýaly, şu ýylky çykyşynda-da dünýäde dowam edýän adalatsyzlyklara ünsi çekip, has adalatly halkara tertibiň döredilme üçin çagyryş etdi.

Prezident Erdoganyň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky 16-njy çykyşy sosial media platformalarynda hem uly gyzyklanma döretdi. Ulanyjylar çykyş bilen bagly paýlaşymlarynda “Adalatyň sesi Erdoğan”, “#ErdoganTheVoiceOfJustice” we “Dünýä bäşden uludyr” diýen heştegleri ulandylar.

Agzalan heştegler bilen ýüzlerçe müň paýlaşym edilip, olaryň umumy görülme sany milliardlarça derejä ýetdi.

“Adalatyň sesi Erdoğan”, “#ErdoganTheVoiceOfJustice” we “Dünýä bäşden uludyr” diýen heştegler gysga wagtyň içinde Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibinde öňdäki orunlara çykdy.

Prezident Erdoganyň çykyşynda beýan eden möhüm ýüzlenmeleri sosial media ulanyjylarynyň paýlaşymlarynda aýratyn orun eýeledi.

Erdoganyň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşy dürli ýurtlardaky ulanyjylaryň hem paýlaşymlary bilen sanly platformalarda dünýä derejesinde giň seslenme döretdi.