SYÝASAT
1 minut okamak
Kosowanyň Premýer-ministri Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi
Kosowa bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge dowam ederis
Kosowanyň Premýer-ministri Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi
Kosowanyň Premýer-ministri Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi

Kosowanyň Premýer-ministri Albin Kurti, Kosowanyň galkynyşyna, diplomatiýasyna, harby mümkinçiliginiň güýçlendirilmegine we NATO agzalygyna uly goldaw beren Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Kurti, Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Premýer-ministri Albin Kurti kabul edilşik barada sosial media arkaly beren habarnamasynda, Kosowanyň galkynyşyna, diplomatiýasyna, harby mümkinçiliginiň güýçlendirilmegine we NATO agzalyk etabynda Türkiýäniň beren goldawlary üçin Prezident R. T. Erdogana minnetdarlyk bildirdi.

Premýer-ministr Kurti, Türkiýäniň NATO-nyň Kosowadaky parahatçylyk güýjünde uly rol oýnandygyny we Kosowanyň howpsuzlygyna we durnuklylygyna uly goşant goşandygyny nygtady.

Türkiýe bilen Kosowanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň gün saýyn ösýändigini nygtan Kurti, söwda mukdarynyň 1 milliard dollara baryp ýetendigini we geljekde has-da artdyrylmagynyň maksat edinilýändigini belledi.

Türkiýäniň Kosowadaky maýa goýumlarynyň artandygyna ünsi çeken Albin Kurti, Kosowanyň hökümeti bilen Milli Goranmak ministrligi tarapyndan Ýakowa şäherinde gurulmagy meýilleşdirlen ok-däri fabrigini muňa mysal hökmünde görkezdi.

Kosowa bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ähli taraplaýyn ösdürmäge dowam etjekdiklerini nygtan Kurti, habarnamasynda Prezident Erdogany Kosowa çagyrandygyny ýatlatdy.