SYÝASAT
1 minut okamak
Ak Tam “Trump TV” ýaýlymyny döretdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trump ABŞ-nyň teleýaýlym torlarynyň alyp barýan ýaýlym syýasatyna öz platformasy bolan “Trump TV” ýaýlymyny döretmek arkaly jogap berdi.
Ak Tam “Trump TV” ýaýlymyny döretdi
Ak Tam “Trump TV” ýaýlymyny döretdi

Ak Tam duşenbe güni agşam “Trump TV” atly onlaýn ýaýlymyny açdy. Kanalyň “esasy wideolary, möhüm çykyşlary we möhüm pursatlary” yzgiderli üstüni ýtirmeler bilen gije-gündiziň dowamynda, hepdede 7 gün ýaýlyma berjekdigi habar berildi

Kanal ýaýlyma başlan mahalynda Trumpyň 3-nji iýulda Raşmor dagynda eden çykyşynyň arhiw ýazgysyny görkezýärdi.

ABŞ-nyň iri teleýaýlym torlary NBC, ABC, CBS we Fox News, şeýle hem CNN, Politico we MS NOW, prezidentiň brifinglerine gatnaşmak hukugyndan mahrum edilen üç habar beriş serişdesine goldaw hökmünde duşenbe güni Ak Tamdaky ýaýlymyny togtatmak  boýunça karar kabul etdiler.

Çäklendirmä sezewar edilen üç media guramasy hem Ak Tama giriş mümkinçilikleriniň dikeldilmegi üçin duşenbe güni Waşingtondaky federal apellýasiýa kazyýetine ýüz tutdy.

Şenbe güni Ak Tamyň howpsuzlyk gullugy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trumpyň görkezmesi esasynda agzalan üç habar beriş serişdesiniň žurnalistleriniň Ak Tama girmegini gadagan edipdi. Olaryň metbugat şahadatnamalary hem yzyna alnypdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trump öz şahsy platformasynda paýlaşan habarynda şol media guramalarynyň “yzygiderli ýalan habar ýaýratmagynyň netijesinde” Ak Tamdan çetleşdirilendigini beýän etdi.  

Trump şol habarynda prezident, hökümet we ABŞ barada yzygiderli esassyz maglumatlaryň hem-de myş-myşlaryň ýaýradylmagynyň kabul ederliksizdigini belledi.