SYÝASAT
1 minut okamak
Silwa Trampyň "öz islegini beýleki ýurtlara zor bilen kabul etdirmek hukugynyň ýokdugyny" aýtdy
Lula da Silva, ýurdunyň daşarky basyşlary kabul etmejekdigini belledi.
Silwa Trampyň "öz islegini beýleki ýurtlara zor bilen kabul etdirmek hukugynyň ýokdugyny" aýtdy
Lula da Silwa CNN-e beren interwýusynda Trampy tankytlady

Braziliýanyň Döwlet Baştutany Luiz Inasio Lula da Silwa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trumpyň öz ýurduny dolandyrmak hukugyna eýedigini, emma öz islegini beýleki döwletlere kabul etdirmek hukugynyň ýokdugyny aýtdy.

Lula da Silwa CNN-e beren interwýusynda Trumpyň halkara gatnaşyklar syýasaty baradaky pikirlerini beýan etdi.

Braziliýanyň Döwlet Baştutany: «Prezident Trump ABŞ-nyň Prezidentligine saýlandy. Ol dolandyrmak hukugyna eýe, emma beýleki ýurtlary dolandyrmak hukugyna eýe däl» diýdi we Trumpyň öz islegini beýleki döwletlere zor bilen kabul etdirip bilmejekdigini belledi.

Trumpyň halkara meselelerde 'tarapgöý' çemeleşýändigini aýdan Lula da Silwa, dünýä derejesindäki çaknyşyklary çözmek üçin köp taraplylygyň güýçlendirilmelidigini nygtady.

Lula da Silwa: «Onuň bir dolandyryş usuly bar: 'Iň güýçli men, iň baý men, men islendik işi edip bilerin we beýlekiler boýun egmeli.' Men munuň bilen ylalaşmaýan» diýdi.

Silwa Braziliýanyň ABŞ bilen meseleleri gepleşikler arkaly çözümegiň tarapyndadygyny belläp, ýurdunyň daşardan gelýän mejbury talaplary kabul etmejekdigini aýtdy.

Braziliýanyň Döwlet Baştutany mundan ozal ABŞ-nyň Prezidenti Trumpdan Braziliýada 4-nji oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen saýlawlara goşulmazlygy haýyş edip, döwletleriň bir-birleriniň özygyýarlylygyna hormat goýmalydygyny nygtapdy.