DÜNÝÄ
1 minut okamak
Yragyň Premýer-ministri Zeýdi, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary bilen duşuşdy
Zeýdi duşuşygyň öňüsyrasynda beren beýannamasynda, ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň 30-njy sentýabra çenli Yrakdan dolulygyna çekiljekdigini aýdypdy.
Yragyň Premýer-ministri Zeýdi, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary bilen duşuşdy
Yragyň Premýer-ministri Zeýdi, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary bilen duşuşdy

Yragyň Premýer-ministrliginden berlen beýannama görä, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Premýer-ministr Ali az-Zeýdi, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşdy.

Zeýdi bilen Rubio duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy meselesi barada pikir alyşdy.

Premýer-ministri Zeýdi, Yrak bilen ABŞ-nyň özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin tagalla edýändigini aýtdy.

Ali az-Zeýdi Yragyň hökümetiniň ýurdunyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleri görmekde ygrarlydygyny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio bolsa, Yragyň hökümetine we halkyna ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýene-de bir gezek nygtady.

Rubio Amerikan hökümetiniň Yrakda durnuklylygyň ýola goýulmagy we ykdsady taýdan galkynyşy üçin resmi Bagdadyň görýän çärelerine goldaw berýändiklerine ünsi çekdi.

Yragyň Premýer-ministri Zeýdi duşuşygyň öňüsyrasynda beren beýannamasynda, ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň 30-njy sentýabra çenli Yrakdan dolulygyna çekiljekdigini aýdypdy.